Türkiýäniň Çeşme portunda ýolagçy paromy kapitanyň gözegçiligi elden bermegi sebäpli birnäçe gämi bilen çaknyşdy diýip, «AHaber» teleýaýlymyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Rodos adasyna gatnawy amala aşyrýan ýolagçy paromy hereketlendirijisiniň bozulmagy sebäpli, kapitanyň gözegçiliginden çykyp, portda duran gämileriň birnäçesine uruldy.
Ýolagçylar şikes almady, emma olar gämide iki sagatlap, kömege garaşmaly boldular. Wakanyň sebäpleri seljerilýär.
