«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly okuwa kabul etmegi dowam edýär. Bu barada döwlet gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Okuwa aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýär:
- Howa gämileriniň awiasion we radioelekron enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
- Howa gämileriniň we awiaherekete getirijileriniň tehniki taýdan ulanylyşy
- Howa ulaglarynyň hereketini dolandyrmak
- Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek
- Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
- Awiasiýa ýangyç-çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýluşy we olaryň hil barlagy.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Dalaşgärleriň ýaşy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly - 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.
