Hindistanda ene-atasyna gije külbeden alajagaplaň süýrän üç ýaşly çagasyny halas etmek başartdy diýip, «The South First» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Waka 1-nji awgustda Kerala ştatynda boldy. Gije ýyrtyjy çaý ekilen meýdanyň ýanyndaky ilatly ýere aralaşypdyr. Şol wagt üç ýaşly çaga ene-atasy bilen tokaýdaky çatmada uklap ýatan ekeni.
Goh-galmagala ene-atasy oýanyp, gygyryşmaga başlaýarlar we alajagaplaňy kowalaýarlar. Ýyrtyjy çagany gaçyryp, tokaýa siňýär.
Çaga diri galypdyr, emma kellesine we boýnuna şikes ýetipdir. Häzir oňa hassahanada bejergi berýärler.
Keralanyň tokaý edarasy wakanyň derňew işlerine girişdi.
