Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň berýän maglumatyna görä, geljegi uly sebitleriň biri – Günorta — Günbatar Türkmenistan. Bu ýerde ýerleşýän känler ykdysady taýdan ösen Balkan sebitinde ýerleşýän «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Hazar» (Çeleken), «Balkanabat» we «Boýadag» ýod zawodlary ýaly himiki kärhanalary çig mal bazasy bilen üpjün edýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bu zawodlarda çig mal hökmünde ýokary mukdarda termal buraw suwlary ulanylýar. Häzirki wagtda ulanylýan ýod-brom esasly känleriň arasynda Günbatar Köpetdagyň düzümindäki «Seýitkerde» we «Guýular» aýratyn orun eýeleýär. Olaryň esasynda «Bereket» zawody işleýär.
Türkmenistanyň zawodlarynda ýylda öndürilýän ýod çig malynyň möçberi we onuň gorlary ýurduň dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girmegine mümkinçilik berýär. Ýoduň ýyllyk öndüriliş möçberi takmynan 525 tonna barabardyr.
Ýod önümçiligini artdyrmak meselesi Gögerendag-Ekerem nebit-gaz sebitinde, Gögerendag-Garadaşly, Ekeremiň, Gamyşlyjanyň geologiki gurluşlarynda täze senagat suw ýataklaryny özleşdirmek arkaly çözülip bilner. Şular ýaly jisimleriň düzümi birmeňzeş däldir.
Habardar bellenilişi ýaly, Esenguly etrabynda ýerleşýän «Ekerem» käninden ýod öndürmek üçin çig mal hökmünde öňki nebit guýularynyň töwereginde emele gelen suw howdanlarynda jemlenen plast suwlary ulanylýar.
