Geçen iýulda azyk harytlaryna nyrhlar soňky iki ýyldaky iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Köp ýurtlardaky ýokary hümmetsizlenme ilatyň, aýratyn-da az girdejili adamlaryň satyn alyş mümkinçiligini güýçli pese gaçyrdy, şeýle hem sagdyn iýmite elýeterliligini kynlaşdyrdy» diýlip, guramanyň nutugynda aýdylýar.
Ýagny geçen aýda harytlaryň bahasy iýun aýyndakydan 1,6 göterim gymmatlady. Gurama bu maglumatlaryň 2023-nji ýylyň fewralyndan bäri iň ýokary görkezijidigini belleýär.
Ady tutulan guramanyň maglumatlaryna laýyklykda, iýulda däneli, süýt önümlerine we şekere nyrhlaryň arzanlandygyna garamazdan, etiň we ösümlik ýagynyň bahasy görnetin gymmatlady.
