Hytaýda erkek kişini aldaw ýoly bilen sport zalynda türgenleşmek üçin 300 ýyllyk abonomentleri satyn almaga mejbur etdiler. Bu barada «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Hytaýyň Hançžou şäheriniň 45 ýaşly ýaşaýjysy Szin zalda üç ýyllap türgenleşendigini, oňa sport merkeziniň işgärleriniň ýeňillikli bahadan uzak möhletleýin abonoment satyn almagy we soňra olary täze agzalara iki esse gymmat satmagy teklip edendiklerini, şunda klubyň girdejiniň diňe 10 göterimini aljakdygyny, galan girdejileriň özüne beriljekdigini gürrüň berdi. Olar eger agzalyk peteklerini iki aýyň dowamynda satyp ýetişmese, ähli pullaryny gaýtaryp bermegi wada beripdirler.
«Olar maňa bu düşewüntli maýa goýum, eger satup bilmesem, pullary gaýdyp berjek diýdiler. Göräýmäge, utuljak zadym ýok ýalydy» diýip, erkek kişi ýatlaýar.
Klubyň işgärleri birnäçe günden oňa geleşigi gaýtalamagy teklip edipdirler, bu gezek oňa agzalyk peteklerini has köp möçberde hödürläpdirler. Szin bu gezegem ynanyp, 120 müň dollara umumy dowamlylygy 300 ýyllyk 1200 sany şahsy türgenleşikleri hem-de abonomentleri satyn alypdyr.
Szin öz maýa goýumlaryny satyp bilmändir, gaýdyp bermeli wagty gelende bolsa, ol klubyň eýesi we menejeri bilen habarlaşyp bilmändir. Olar nirädir bir ýerä ýitirim bolupdyrlar, fitnes-klub işini bes edipdir. Erkek kişiniň aýtmagyna görä, kezzaplar zym uçan ýaly bolupdyr. «Men diňe pulumy ýitirmedim. Men sport zala gatnamak üçin 300 ýyllyk agza boldum. Eger baky ýaşasam hem, olary ulanyp ýetişip bilerin öýdemok» diýip, erkek kişi zeýrenýär.
Ejir çeken Hançžouwyň polisiýasyna ýüz tutdy, häzir derňew işi dowam edýär. Emma hukuçylar onuň puluny gaýdyp almagynyň mümkin däldigini aýdýarlar. Sebäbi ol ähli ylalaşyklara meýletin gol çekipdir, olarda bolsa, abonomentleriň başga bir adama geçirilmeýändigi we gaýtaryp bermäge degişli däldigi görkezilýär.
