7-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Döwlet sekretariatynyň wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada tmrl.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Duşuşyk BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi we port infrastrukturasy babatynda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Awstriýa tarapyna Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi, onuň häzirki zaman tehniki enjamlaşdyrylyşy, terminal kuwwatlyklary, konteýner hyzmatlary we multimodal ýük daşamalary bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiň agzalary portuň çägine baryp, onuň logistiki we dolandyryş infrastrukturasy bilen ýerinde tanyşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan arkaly Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça halkara ýük daşamalarynyň giňeldilmegi, ulag geçelgeleriniň özara baglanyşygynyň güýçlendirilmegi, şeýle hem logistika we durnukly ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar sanlylaşdyrma, «ýaşyl» energetika we durnukly ulag çözgütleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.
Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar uzak möhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler.
