Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleri Wladimir Putin we Donald Tramp takmynan öňdäki hepdede, awgustyň ortasynda duşuşsalar gerek. Bu barada RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriş Uşakow habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
«Häzir biz amerikaly kärdeşlerimiz bilen bilelikde bu duşuşygy geçirmegiň we onuň geçiriljek ýeriniň anyk ölçeglerini işläp düzmäge girişýäris» diýip, Uşakow sözüniň üstüni ýetirdi.
Putin amerikan Lideri bilen duşuşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň iň amatly ýerdigini aýtdy diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Russiýanyň döwlet Baştutany penşenbe güni žurnalistler bilen duşuşykda öňde duran duşuşyga taraplarynyň ikisiniň-de gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
