2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde «Honda Motor» kompaniýasy ABŞ-nyň Hökümetiniň gümrük paçlaryny girizmegi bilen baglylykda, girdejileriniň 50 göterimden gowragyny ýitirdi. Bu barada kompaniýanyň maliýe resminamalarynda habar berilýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Ýagny aprelden iýuna çenli ýapon awtoulag öndürijisiniň girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 50,2 göterim azaldy. Işewürlik girdejileri-de 49,6 göterim azaldy.
Girdejileriň azalmagynyň sebäpleri hökmünde ABŞ-nyň salgytlary we puluň hümmediniň üýtgäp durmagy görkezilýär.
Awtokompaniýa muny aktiwleriň hümmetsizlenmegi we önümçiligi gaýtadan guramaga çykdajylar bilen baglaýar.
