«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde uýgunlaşmak kuwwatyny artdyrmak, howanyň üýtgemegine we tebigy betbagtçylyklara durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de goragsyzlygy peseltmek» atly ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen hem-de BMG-niň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralan duşuşyga foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň hem-de abraýly halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlik netijeli dialog hem-de ýokarda agzalan möhüm meseleler, şol sanda ony maliýeleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi diýip, TDH ýazýar.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda uýgunlaşmak kuwwatynyň artdyrylmagy we howanyň üýtgemegine hem-de tebigy betbagtçylyklara durnuklylygyň ýokarlandyrylmagy ählumumy möçberde, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, suw meselesi, hususan-da, suwdan rejeli peýdalanmak, şeýle hem oba hojalygynda ekerançylygyň serişdeleri tygşytlaýjy usullaryny we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Şeýle-de ulag we logistika degişli meseleleri çözmek boýunça ylalaşykly çäreleriň görülmeginiň zerurdygy bellenildi.
Tebigy betbagtçylyklar barada irki duýduryş ulgamyny hem-de olaryň howpuny azaltmak strategiýalaryny işläp taýýarlamaga degişli meselelere-de garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň «Hemmeler üçin irki duýduryş» başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň gün tertibinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Ol işiň möhüm ugurlaryny kesgitläp, Durnukly ösüş maksatlarynyň, heläkçilik howpuny azaltmak boýunça Sendaý Çarçuwaly maksatnamasynyň, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň üstüni ýetirýär. Maksatnamada şeýle hem Howanyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak, ekologik wehimler bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ileri tutulýan maksatlar bellenilýär.
Şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň howa babatda maliýeleşdirmäge elýeterliligini gowulandyrmak, amatsyz ýagdaýlary azaltmaga, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmäge gönükdirilen netijeli uýgunlaşmak çäreleri bilen bagly strategiýalary işläp taýýarlamagyň, täze şertlerde bu ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalary hödürlemek arkaly goldaw bermegiň möhümdigi nygtaldy. Şunda halkara maliýe institutlarynyň we hyzmatdaşlaryň bu işe gatnaşmagy bilen bagly mesele barada durlup geçildi.
