6-njy awgustda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Saundersiň duşuşygy bolup geçdi.
Duşuşyk Baş sekretaryň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar duşuşykda Türkmenistanyň gümrük ulgamynda alnyp barylýan döwrebap özgertmeler, gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, şeýle hem gümrük işinde halkara hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem, BGG bilen bilelikdäki okuw we bilim maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkeziniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wekiliýetler Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördüler we BGG-niň Baş sekretary portuň infrastrukturasy we bu ýerde ýükleriň hem-de ýolagçylaryň netijeli gatnawyny üpjün etmek üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdy.
