Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde ýerleşýän Demirgazyk-Günbatar uniwersiteti tarapyndan 14 — 26-njy iýul aýynda geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hytaý dili mugallymy G.Rejepowa, şeýle hem 12-nji iýul — 10-njy awgusty aralygynda ady agzalan uniwersitet tarapyndan geçirilýän halkara ykdysadyýet we söwda boýunça tomusky okuw maksatnamasyna institutyň hytaý dili mugallymy G.Baýramowa we hytaý dili hünäriniň talyplary gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Okuw maksatnamasyna gatnaşyjylar Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiň muzeýi, kitaphanasy we okuw binalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, olara hytaý halkynyň medeniýetini, hytaý medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolan çaýyň demleniş usullaryny, milli däp-dessurlaryny tanyşdyrmak maksady bilen, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Sian şäheriniň meşhur ýerlerine, taryhy muzeýine gezelençler guraldy.
Okuw maksatnamanyň çäginde hytaý dilini öwredýän daşary ýurtly mugallymlaradyr talyplara häzirki zaman usullary boýunça amaly we umumy sapaklar geçirilýär.
