«Apple Original Films» kinokompaniýasynyň «F1» («Formula-1») sport dramasy aktýor Bred Pittiň filmleriniň arasynda iň köp kassa ýygymly film boldy. Bu barada «Deadline» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Neşiriň ýazmagyna görä, 23-nji iýunda amerikan prokatyna çykan bu filmiň dünýädäki kassa ýygymlary 546,6 mln dollara deň boldy. Režissýor Jozef Kosinskiniň surata alan täze filmi aktýoryň öňki «Dünýäleriň urşy Z» filminden hem ozdurdy, ol film dünýä prokatynda 540 mln dollar toplapdy.
«F1» atly täze film Hytaýda (55,1 mln dollar), Beýik Britaniýada (28 mln d.), Fransiýada (26,7 mln d.), Günorta Koreýada (24 mln d.) we Meksikada (19,3 mln d.) has köp girdeji toplady.
