Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, duşuşykda dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany myhmany mübärekläp, ýokary derejedäki maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikiçäk duşuşykda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň tutuş toplumy boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdi.
Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine iki ýurduň hem ygrarlydygyny nygtadylar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
