Şu ýylyň 13 — 28-nji iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymlary A.Mollaýewa, D.Nurýagdyýewa hem-de daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ş.Merdanowa Italiýa Respublikasynyň Perujanyň daşary ýurtlular üçin uniwersitetinde geçirilen italýan dili mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Peruja uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr hünärmenleri tarapyndan geçirilen umumy we söhbet sapaklarynyň dowamynda pikir alyşmalar arkaly oňa gatnaşyjylar italýan dilini okatmagyň döwrebap usullary, aýratynlyklary, bu ugurda sanly maglumatlaryň ulanylyşy bilen tanyşdylar.
«Italýan dili mugallymlarynyň grammatika, fonetika, leksikologiýa bilen bagly geçirilen sapaklarda alan bilimleri tejribede ulanmakda ähmiýetli bolar. Guralan okuwlar dünýä ýurtlaryndan gelen italýan dili mugallymlaryň arasyndaky ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly goşant goşdy. Italiýa Respublikasynyň şäherlerindäki medeniýetler we dil aýratynlyklary boýunça geçirilen sapaklar hem hünärmenler üçin gymmatly maglumatlara baý boldy» diýlip, habarda bellenilýär.
