5-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary Wan Ýunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda amala aşyran saparynda döwletara gatnaşyklaryň, BMG-niň we beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça dowam etdirmek, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde parlamentler derejesinde hyzmatdaşlygyň netijeli ulanylmalydygy barada aýdanlaryndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýedigi bellenildi.
Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparynyň ähmiýeti barada hem bellenilip geçildi. Şol bir wagtda, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam edýändigi nygtaldy.
Taraplar Awazada BMG bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän maslahatyň, onuň çäklerinde guralan dürli çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň ýurtlaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.
