5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn saparlary iň ýokary we ýokary derejelerde dowam etdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.
Ministrler halkara guramalarynyň çägindäki syýasy dialogyň we işjeň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna ýokary derejeli Gruziýanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasydygy nygtaldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda- ykdysady gatnaşyklary, şol sanda ulag, logistika we energetika ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Taraplar hormat we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky isleglerini beýan etdiler.
