Russiýada ilaty 3,4 million adam bolan kiçi şäherleriň 129-syna ýok bolmak howpy abanýar diýlip, RF-niň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň Hökümet üçin taýýarlan barlaglarynda aýdylýar. Soňky bäş ýylda bu şäherler 314 müň ýaşaýjysyny ýitiripdirler.
Ilatyň has güýçli azalmagy demirgazykdaky kömür, metallurgiýa we tokaý senagaty şäherlerinde hem-de onuň ugurdaş ilatly nokatlarynda hasaba alnypdyr. Olar ýurduň Pskow, Nižegorodsk we Kirow oblastlaryndaky şäherlerdir. Aýratyn hem Brýansk, Nowgorod, Kirow oblastlarynda hem-de Krasnoýarsk ülkesinde ösüş üçin gorlaryň ýetmezçiligi bilen baglylykda, şäherlere ýok bolmak abanýar diýlip, habarda aýdylýar.
Bu kiçi şäherlerde esasy meseleler hökmünde iş bilen üpjünçilikdigi, kiçi hem-de orta kärhanalaryň sanynyň azalýandygy görkezilýär. Senagat sebitlerindäki şäherler hem kynçylyk çekýärler. Agrar sebitlerde ýagdaý azyk howpsuzlygy bilen baglylykda, biraz gowy, emma olaryň-da ilatynyň has uly şäherlere göçmegi dowam edýär.
«Izwestiýa» gazetiniň maglumatlaryna görä, şäherleriň 106-sy üçin eýýäm maýa goýumlar we infrastrukturany ösdürmek boýunça maksatnamalar işlenip düzülýär. Munuň üçin bu ýylda 4 milliard rubl bölünip berlipdir.
Ady tutulan edaranyň wekili Stepan Zemsowyň sözlerine görä, täze ykdysady höweslendirmeler – senagat zolaklary, turizm we ýerli önümçilikler kiçi şäherlere täze durmuşy gaýtaryp berip biler.
Bu barada «mail.ru» ýazýar.
