«World Gold Council» (WGC) edarasynyň deslapky bahalandyrmalaryna görä, şu ýylyň iýun aýynda dünýäniň Merkezi banklary öz gyzyl pul gorlarynda altynyň möçberini 22 tonna artdyrdylar diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Bu aýda has köp altyny Özbegistan (9 tonna), Gazagystan (7,4 tonna), Türkiýe (2,3 t), Hytaý (2,2 t), Çehiýa (1,6 t) we Gyrgyzystan (1,2 t) satyn aldy. Beýleki Merkezi banklaryň jemi satyn alan altyny bir tonnadan az boldy.
Iň köp altyn satan Singapuryň Merkezi banky boldy, bu maliýe edarasy 5,6 tonna altyn satdy diýlip, habarda bellenýär.
