Şu gün Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi.
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, uşuşykda Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Prezident Sadyr Žaparowyň salamyny ýetirdi. Şeýle-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde maslahata gatnaşandygy üçin Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Gyrgyz tarapy iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ynamly ösüşi görkezýändigini nygtap, Gyrgyzystanyň halkara ýük daşamalary, logistika we üstaşyr gatnawlar babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn formatlardaky özara hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.
