Amerikanyň Minnesota ştatynyň ýaşaýjysy özüniň 70 ýaşly zenan goňşusyna başga planetaly öýdüp müňkürlik edip atdy. Bu barada «CBS News» teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.
Betbagtçylyk Uindom şäherinde geçen iýulyň aýagynda boldy, gije sagat bäş töwerekleri polisiýa atyşyk barada habar gelip gowuşdy. Wakanyň bolan ýerine gelen poliseýler köpsanly ýara düşen garry zenany tapdylar. Ol özüni goňşusynyň atandygyny aýtmagy başardy. Garry enäni hassahana alyp gitdiler, emma ony halas etmek başartmady.
Waka şaýat bolanlaryň biri jenaýatda şübhelenýäniň başga planetalylar barada gürrüň berendigini aýtdy. Ol goňşy zenanyň başga planetalydygyna, basym onuň ýanyna kosmos gämisiniň geljekdigine ynanýan ekeni.
Jenaýatçy tussag edildi.
