«Apple» kompaniýasy 2025-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýegi üçin girdejileri çap etdi, girdeji 94,04 mlrd dollara deň boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterim köpdür diýip, «9to5mac.com» internet neşirine salgylanýan «rbc.ru» portaly habar berdi.
«Apple» kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk seljerijilere 2007-nji ýylda goýberilip başlanandan bäri «iPhone» smartfonlarynyň 3 milliardynjysynyň satylandygyny habar berdi. «Biz şeýle hem möhüm senäni belleýäris, 2007-nji ýyldan bäri 3 milliardynjy iPhoneni müşderilere satdyk» diýip, Kuk öz çykyşynda belledi.
Habarda kompaniýanyň öz meşhur smartfonlarynyň 1 milliardynjysyny 2016-njy ýylyň iýulynda satandygy aýdylýar. Şonda Tim Kuk bu telefonlaryň dünýäni özgerden we taryhda iň üstünlikli önümleriň biridigini belläpdi.
