800 müň bitkoin bolan gaty diskini zibilhanada ýitiren Jeýms Hauells on iki ýyllyk gözlegini bes etdi. Häzir şol gaty diskde saklanýan bitkoinleriň bahasy 950 million dollar bahalanýar.
Gözlegiň bes edilýändigi barada internetdäki akkauntlardyr sahypalaryň birnäçesi, şol sanda «Financial Express» portaly habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Sosial torlardan peýdalanyjylar bu ýitirilen diskli taryhyň haçanda bolsa birwagt «Netflix» platformasynda serial üçin oňat ýordum boljakdygyny belleýärler. Käbirleri 2030-njy ýylda diskiň bahasynyň sekiz milliard dollara deň boljakdygyny çaklaýarlar.
Britaniýaly 8 müň bitkoini 2013-nji ýylda satyn alypdyr, olar Hauelliň halaşýan gyzy ýalňyşlyk bilen gaty diskli gaby zibilhana taşlanda, ýitipdir. Britaniýaly häzire çenli ol diski gözläpdir.
Hauell hatda geçen ýyl bahasy 750 million dollara ýeten bitkoinlerini gözlemek üçin Nýuportuň şäher häkimliginden zibilhanany satyn almaga hem çalşypdyr, emma bu oňa başartmandyr. Netijede, ol zibilhananyň daşyna haýat aýlap, oňa gorag belläpdir.
