Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongress merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyga bagyşlanan çäre geçirildi.
TDH-niň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow forumy açyp, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin ähli minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň häzirki duşuşygyna gatnaşandyklary üçin hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary bu formatdaky dialogyň netijeliligini görkezdi. Olar sebitleýin hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ugrukdyrylyşy boýunça bitewi garaýyşlaryň kemala gelmegine, häzirki döwrüň we uzak möhletleýin geljegiň talaplaryna laýyklykda onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmegine ýardam berýär.
