Eýranyň Mejlisiniň ykdysadyýet boýunça komiteti milli puluň — rialyň denominasiýasyny (kagyz pullaryň gymmatynyň peselmegi bilen adyny üýtgetmek) geçirmek barada kanun taslamasyny goldady. Şunda eýran pulunyň ady üýtgedilmez diýip, komitetiň başlygy Şamsetdin Huseýni habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Komitetiň şu günki karary Hökümetiň başlangyjyny goldady we Mejlisiň öňki çözgüdini tassyklady. Puluň san gatnaşygyndaky özgertmesi güýjünden galýar» diýip, Huseýni aýtdy. Onuň sözlerine görä, «täze pul birligi» häzirki 10 müň riala deň bolar.
Huseýni şeýle-de Hökümetiň taslamasynda puluň adynyň «rialdan» «tümene» üýtgedilmeginiň teklip edilendigini, emma komitetiň Merkezi bank barada kanundan ugur almak bilen, bu teklibe garşy çykandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, goşmaça pul birlikleri «gyraň» diýen at bilen tassyklandy. «Şeýlelikde, her täze rial häzirki 10 müň riala, her rial 100 gyraňa deň bolar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
