Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursalyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Somali tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidi üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halklaryň arasyndaky parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýaly ýokary ideallara iş ýüzünde ygrarlylygyny tassyklaýandygy nygtaldy.
Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) aýratyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Hökümetiniň çäräni geçirmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.
