BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar parlamentara dialogy pugtalandyrmak bilen bagly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Duşuşykdan soňra Konstantin Kosaçýow žurnalistler üçin duşuşygyň netijeleri boýunça interwýu berdi.
Konstantin Kosaçýowyň aýtmagyna görä, şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň adyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Russiýa resmi sapar bilen barmak baradaky çakylyk gowşuryldy.
«Biz hanym D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen gelmäge mümkinçilik tapar diýip umyt edýäris» diýip, Russiýanyň Parlamentiniň wekili belledi.
Mundan başga-da, Konstantin Kosaçýow taraplaryň parlamentara hyzmatdaşlygyň institusional esasda ösdürilmegine garaşýandygyny nygtady. Bu babatda «dostluk toparlarynyň» işjeňliginden başlap, iki taraplaýyn parlamentara toparyň döredilmegine çenli mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.
Sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde K.Kosaçýow taraplaryň Aşgabat formatyndaky (5+1) parlamentara gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Bu formata Merkezi Aziýanyň bäş döwleti hem-de Russiýa gatnaşýar.
Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Awazada geçirilýän forumda gozgalýan meseleleri oktýabrda Ženewada geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň garamagyna hödürlemegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, eger türkmen tarapy şeýle başlangyç bilen çykyş etse, Russiýanyň bu başlangyjy hökman goldajakdygy nygtaldy.
