Geçen şenbede Fransiýada awtoulag dyknyşyklarynyň uzynlygy rekord derejedäki 500 kilometrden hem gowrak boldy. «Bison futé» döwlet bahalandyryş agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýurtda iýulyň aýagyndan awgustyň ahyryna çenli dowam edýän zähmet dynç alyş möwsümi bilen baglydyr.
Mysal üçin, awgustyň başynda Ortaýer deňzine tarap A7 ulag ýolunda dyknyşyklaryň uzynlygy 120 kilometre ýetdi. Muňa ýol-ulag hadysalary-da sebäp boldy. Habarda Atlantik kenarýakalara we merkeze eltýän ulag ýollarynda-da dyknyşyklaryň uzynlygynyň 110 we 30 kilometre deň bolandygy bellenýär.
Fransiýanyň awtoulag eýeleriniň 76 göterimi günorta tarap ugurlarda ruluň başynda iki sagatdan gowrak wagty dyknyşyklarda, her bäşinji sürüji alty sagatlap durandyklaryny aýdýarlar. Olaryň 40 göterimi ýolda saklanman, ruluň başynda naharlanýandyklaryny bellediler diýlip, Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Wallon agentliginiň geçiren pikir soraşmasynyň jemlerinde bellenýär. Bu barada «rg.ru» ýazýar.
