Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi öz raýatlaryny diňe ýerli harytlary satyn almaga çagyrdy. Onuň sözlerine görä, bu häzirki dünýäde ählumumy kesgitsizlik dowam edýän şertlerde örän möhümdir.
Bu barada Modi geçen şenbede Tramp Hindistandan harytlara 25 göterim gümrük paçlaryny girizenden soňra, Uttar-Pradeş ştatynda ýygnanyşykda eden çykyşynda aýtdy.
Hökümet başlygy: «Häzirki gün dünýä ykdysadyýeti üçin o diýen oňat döwür däl, hemme ýerde kesgitsizlik dowam edýär. Biz indi bir zat satyn aljak bolsak, bir ýörelgeden ugur almalydyrys: biz hindileriň gany we deri bilen öndürilen harytlary satyn almalydyrys» diýdi. Modi şeýle hem: «Biziň daýhanlarymyz, kiçi telekeçiligimiz we ýaşlarymyzyň iş bilen üpjünçiligi birinji orunda durmalydyr» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
