Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň ulag we logistika ministri Feýisa Alemu Simeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.
«Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda berilýän habara görä, wekiliýeti alyp gelen uçar Türkmenbaşy halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhman we wekiliýetiň agzalary türkmen topragynda däp bolan myhmansöýerlige laýyklykda mähirli garşy alyndy.
Efiopiýanyň wekiliýetiniň bu möhüm foruma gatnaşmagy ulag we logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem ol deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly goşant goşar diýlip, habarda bellenilýär.
