Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Prezidenti Filemon Ýang öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Parlament forumynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigini nygtady. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işine başlady.
Filemon Ýang parlamentleriň ählumumy borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginde işjeňligini artdyrmaklarynyň ähmiýetini hem-de 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde parlamentleriň ornuny belledi.
Ol bu ugurda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda Parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy diýlip, Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda bellenilýär.
