ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary Jeý Di Wens näbelli uçýan obýektler bilen (NUO) çakdanaşa gyzyklanýandygyny boýun aldy. Ol Kongressde awgustdaky arakesme döwründe bu mesele bilen içgin gyzyklanjakdygyny belledi.
«Men NUO mowzugy bilen içgin gyzyklanýaryn. Hakykatda nämeler bolup geçýär? Men muny heniz anyklap bilmeýärin» diýip, Wens «Ruthless Podcast» internet ýaýlymynda çykyşynda belledi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Jeý Di Wensiň bu barada ýylgyryp gürrüň berendigi sebäpli, amerikan habar beriş serişdeleri onuň degşendigini ýa-da çynyny sözländigini anyklap bilenoklar.
Amerikalylaryň 40 göterimden gowragy Hökümetiň özlerinden näbelli uçýan obýektleriň bardygyny gizleýändigine ynanýarlar. Bu barada «NewsNation» teleýaýlymynyň geçiren pikir soraşmasynyň jemlerinde aýdylýar.
