ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini öwrenmek boýunça mümkinçiligi ösdürmek maksatnamasy (ELCD) hususy kompaniýalaryň işgärlerini Mary şäherinde geçiriljek iňlis dili boýunça mugt kurslara gatnaşmak üçin arza bermäge çagyrýar.
Kurslar 2025-nji ýylyň awgust aýyndan dekabr aýyna çenli aralykda, göni gatnaşmak (offline) görnüşinde geçiriler. Dilleriň derejesi: başlangyç (Elementary) we başlangyçdan öňki (Pre-Intermediate).
Maksatnamanyň esasy maksady halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan haryt we hyzmat satyn almak, syýahatçylyk hem-de şuňa meňzeş ugurlarda işleýän hünärmenleriň iňlis dili boýunça başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan hem-de olaryň dil päsgelçilikleri bolmazdan iş alyp barmaklaryna ýardam brmekden ybaratdyr.
Maksatnama halkara söwda, eksport ugurly önümçilik, daşary ýurtlardan haryt we hyzmat satyn almak, syýahatçylyk ýa-da şuňa meňzeş ugurlarda işleýän Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
Kurslara gatnaşjaklar bäsleşik esasynda saýlanylar.
Maksatnama gatnaşmak üçin arzany 7-nji awgust sagat 23:59-a çenli aşakdaky baglanyşyk arkaly doldurmalydyr.
Kurslar baradaky ähli soraglar boýunça şu elektron poçta ýüz tutup bilersiňiz: elcd.tkm@gmail.com
