Türkiýäniň otel eýeleri awgustda islegiň peselmegi bilen baglylykda, jahankeşdeler üçin nyrhlary arzanlatdylar. Bu barada Russiýanyň Turizm senagaty birleşiginiň Telegram-ýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» habar berýär.
2025-nji ýylyň geçen alty aýynda Türkiýä Russiýanyň 2,609 million raýaty bardy, bu 2024-nji ýylyň degişli döwründäkiden 3 göterim azdyr. Habatda islegiň durnuklylydygy bellenýär, emma möwsümiň başynda nyrhlaryň ýokarlandyrylandygy sebäpli, syýahatçylar başga ugurlary saýlap başladylar, tomsa golaý şypahanalar nyrhlary peseldip ugradylar.
Emma muňa garamazdan, Russiýa 12,2 göterim görkeziji bilen Türkiýä barýan jahankeşdeleriň sany boýunça öňdeligi eýeleýär.
