Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 709 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gazbeton bloklaryny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçilerine nah ýüplük, pagta linti, jins önümleriniň giň görnüşleri ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 318 müň manatlyk polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar.
