Şu gün Azerbaýjanyň Parlamentiniň wekiliýeti ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu wekiliýet «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralýan Parlamentara foruma gatnaşar.
«Report» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Baýramgözel Myradowa, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Bellenilişi ýaly, Sahiba Gafarowa Parlamentara forumyň birinji bölümçe mejlisine başlyklyk eder. Saparyň çäklerinde Milli Mejlisiniň Başlygynyň forumda çykyş etmegi hem-de birnäçe duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýar.
Habarda bellenilişine görä, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjanyň milli güni hem guralar. Şeýle-de azerbaýjanly sungat ussatlary forumyň ýapylyşy mynasybetli geçiriljek dabaraly konsertde çykyş ederler.
