Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 4-5-nji awgustda Türkmenistanda iş saparynda bolar. Prezident Şawkat Mirziýoýew saparyň çäginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşar. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek foruma BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.
Maslahatyň gün tertibine ulag ulgamyndaky özara baglanyşyklary pugtalandyrmak, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, ykdysady ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegine we daşky gurşaw bilen baglanyşykly kynçylyklara garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişinde ösüş gazanmak ýaly halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri giriziler. Forumyň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin niýetlenilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistana saparynyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly çärä gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer diýlip, habarda bellenilýär.
