Türkiýede Hodi Gurkan aradan çykdy, ol ýurduň iň uzak ýaşly zenan ýaşaýjysy hasaplanýardy. Ilat ýazuwynyň maglumatlaryna laýyklykda, ol 131 ýaşyndady.
Gurkan 1894-nji ýylyň 1-nji iýulynda doguldy, bütin ömrüni Binekli obasynda ötürdi. Soňky ýyllar ol zordan ýöreýärdi we gulagy agralypdy.
Garry zenanyň ýedi çagasy, 110 agtygy we köpsanly ýuwluklary bar. Onuň adamsy mundan 48 ýyl öň aradan çykdy.
Eger Gurkanyň doglan senesi dogry bolsa, Osmanly döwletini-de gören bolmaly. Ol 1919-1923-nji ýyllardaky Türkiýäniň Garaşsyzlygy ugrundaky urşy başdan geçirdi hem-de öz durmuş ýoluna häzirki zaman Türkiýe Respublikasynda başlady.
Bu barada «MIR 24» habar berdi.
