«Google» we «Microsoft» kompaniýalarynyň öňki inženeri, «Machine Intelligence Research Institute» işewürlik däl guramanyň başlygy Neýt Soaresiň pikirine görä, eger emeli aňyň häzirki depginde ösdürilmegi dowam etdirilse, adamzadyň ýok bolmak töwekgelçiligi azyndan 95 göterime deňdir diýip, «Times» gazeti habar berdi.
Neşiriň ýazmagyna görä, hünärmen häzirki ýagdaýy ýokary tizlikdäki ulagda uçuda tarap hereket etmek bilen deňeşdirýär. Neýt Soaresiň: «Men ulagy saklap bileris öýdemok. Biz häzir gözsüz kimin, uçuda tarap eňip barýarys» diýen sözlerini gazet getirýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, «mümkin bolan ssenarä görä, emeli aň ähli şäherleri eýelejek biologik ýaragy peýdalanyp biler, ol bolsa, tas hemmelere ýokuşar».
2024-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş emeli aňyň adamzat üçin agyr howpy döredýändigini nygtap, ýurtlary giç bolmanka ony sazlaşdyrmaga çagyrypdy.
