Uzak Demirgazyk Kwislendiň (Awstraliýa) ümürsin tokaýlarynda öň ylma nämälim bolan iri we agyr mör-möjek tapyldy, alymlar ony taýajyklar toparyna degişli etdiler. Alymlaryň bahasyna görä, ol Awstraliýada duşýan iň agyr mör-möjekdir diýip, «MIR 24» ýazýar.
Äpet taýajykla «Acrophylla alta» diýip at berdiler. Ony 900 metr belentlikdäki goraghana zolagynda tapdylar. Mör-möjegiň agramy 44 grama deň. Öň Awstraliýanyň iň agyr mör-möjegi 30 gram agramdaky ýer gazyjy saçakçy hasaplanýardy.
Taýajyklylar beýik daglyklardaky tokaýlarda ýaşaýarlar. Alymlar olary tapmagyň örän kyndygyny belleýärler. Olar ýere diňe guş kaksa ýa-da güýçli şemal bilen düşýär diýip, «Zootaxa» neşiri ýazýar.
Alymlar geljekde «Acrophylla alta» mör-möjekleriniň sanyny anyklamakçy bolýarlar. Mümkin, bu görnüşiň ýitip ýok bolýandygy hem-de goraga mätäç bolmagy mümkin.
