Eýran Türkmenistanyň Mary we Täjigistanyň Duşenbe şäherlerine otly gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Täze demir ýol gatnawlarynyň ýola goýulmagy Eýranyň Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlary bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmäge hyzmat eder. Bu barada Eýran Milli demir ýol kompaniýasynyň baş direktory Jabbar Aly Zakiriniň sözlerine salgylanyp, asiaplus.tj saýty ýazýar.
Jabbar Zakiriniň aýtmagyna görä, bu täze ugurlar Eýranyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek strategiýasynyň bir bölegidir.
«Bäş ýyllyk arakesmeden soň, Tähran – Wan (Türkiýe – «Türkmenportalyň» düşündirişi) ugry gaýtadan işe girizildi, şeýle hem Türkmenistanyň Mary we Täjigistanyň Duşenbe şäherleri bilen demir ýol gatnawyny ýola goýmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar» diýip, Jabbar Aly Zakiri belledi.
Habarda bellenilişine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen demir ýol gatnawynyň haçan işe giriziljekdigi barada entek takyk maglumat berilmedi.
Mundan başga-da, Jabbar Aly Zakiri Eýrany Türkiýe, Owganystan we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrjak iki täze demir ýol ugrunyň ýakyn wagtda işe giriziljekdigini mälim etdi. Täze ugurlaryň biri Tährany Ankara bilen baglar we ol indiki iki aýyň dowamynda işe giriziler. Ikinji ugur bolsa Tähran – Herat ugrudyr we ol indiki aýyň soňuna çenli işe giriziler.
Bu ugurlar adamlary we harytlary daşamak, şeýle-de söwda we maýa goýum pudagynda strategik taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açar. Bu başlangyçlaryň möhüm bölegi hökmünde syýahatçylyk otlularynyň gatnawy göz öňünde tutulýar.
