Hytaýyň demirgazyk sebitlerindäki güýçli çabgalar netijesinde dörän sil joşgunlarynda azyndan 60 adam pida boldy. Diňe Pekiniň özünde paýtagtyň häkiminiň orunbasary Sýa Linmaonyň sözlerine görä, 44 adam heläk boldy, ýene dokuz adam dereksiz ýitdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Hebeý ülkesinde bulaşyk howa sebäpli 16 adam gurban boldy. Sebitde 18 adam dereksiz ýitdi.
Ygallar Pekinde we onuň eteklerinde 28-nji iýulda iň ýokary derejede düşdi. Tebigy heläkçilik Szilin we Şandun ülkelerini hem goşmak bilen, ýurduň gündogar, demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerini gurşady. Ol ýerlerde-de pida bolanlar bar.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin ilaty we emlägi goramak, şeýle-de dereksiz ýitenleriň gözlegini guramak üçin iň ýokary derejede tagalla etmäge çagyrdy. Döwlet Baştutany sil joşgunlarynyň döremek töwekgelçiligi bolan zolaklardan ilaty dessine göçürmek barada görkezme berdi.
