Lebap welaýatynyň oba zähmetkeşleri ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, şonuň hasabyna bu harytlaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini düýpli kemeltmek boýunça öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge önjeýli goşant goşýarlar.
«Türkmen gündogary» gazetiniň berýän habaryna görä, 2025-nji ýylyň geçen aýlarynda welaýatyň ähli hojalyklary boýunça gök önümleriň 66,6 müň, azyklyk bakjanyň 16,4 müň, ir-iýmişleriň 14,8 müň, ýeralmanyň 82,8 müň tonnasy öndürildi we ilatyň saçagyna berildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä ep-esli artykdyr.
Habarda bellenilişi ýaly, azyk önümleriniň bolluk bilen öndürilmegi olaryň, ortaça, bölek satuw nyrhlarynyň peselmegine oňyn täsirini ýetirýär. Geçen aýda öňki aý bilen deňeşdirilende, alma 35 göterimden gowrak, ýapyk toprakda ýetişdirilen pomidor we hyýar boýunça degişlilikde 31,78 we 18,34, ak kelem boýunça 15,79, ýeralma boýunça 11,38, ýumurtga boýunça 8,86 göterim arzanlady.
Şeýle oňyn görkeziji noýba, düýp sogan, nahar şugundyry, dürli gök otlar boýunça hem gazanyldy diýlip, habarda bellenilýär.
