Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2025-nji ýylyň ýedi aýynda gaýtadan işlenilen çig mal 269,5 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 21,7 göterim artdy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, çig maly çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna benziniň 127,4 müň, dizel ýangyjynyň 62,7 müň, ýol bitumynyň 12,4 müň tonnasy öndürildi.
Şeýle oňyn netijeler kärhananyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy, çig mal bilen üpjünçiligiň düýpli gowulandyrylmagy, işgärleriň işleriniň ýokary sazlaşykly guralmagy arkaly gazanylýar.
2025-nji ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýatyndaky senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2 637,2 manada barabar boldy.
Şonça önümiň 56,3 göterimi eksporta ugradyldy diýlip, habarda bellenilýär.
