Keniýa «OpenAI» amerikan kompaniýasynyň döreden «ChatGPT» emeli aň-botuny peýdalanmakda dünýäde öňdeligi eýeledi. Bu barada «Datareportal» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Bu gündogarafrika Respublikasynda soňky aýda elektron kömekçiniň hyzmatyndan internet ulanyjylaryň umumy sanynda uly ýaşlylaryň 42,1 göterimi peýdalanypdyr. «ChatGPT» ulanyjylaryň sanawynda Keniýadan soňra BAE, Ysraýyl, Malaýziýa, Braziliýa we Hindistan ýerleşdi.
Dünýä boýunça umumy görkeziji 22,3 göterime deň boldy. Germaniýa, Britaniýa, Russiýa, Hytaý we Ýaponiýa ýaly ýurtlarda internet ulanyjylar «ChatGPT»-den az peýdalanýarlar.
Hünärmenleriň pikiriçe, Keniýanyň bu ulgamda öňdeligi ýerli ýaşlarda innowasion tehnologiýalara, frilans işewürlik ulgamyna we erkin gazanja esaslanýan ykdysady işiň meşhurlygy hem-de kiçi telekeçiligiň ösmegi bilen baglydyr.
