Germaniýa Federatiw Respublikasynyň günorta-günbataryndaky Ridlingen şäheriniň golaýynda bolan otly heläkçiliginde birnäçe adam gurban boldy. Bu barada Ştutgartyň federal polisiýasynyň wekili habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Heläkçilikde ýaralananlar hem bar. Waka bolanda, otluda takmynan 100 adam bar eken. Polisiýanyň wekili azyndan üç adamyň şikes alandygyny habar berdi. Köpsanly ýolagçylara lukmançylyk kömegi gerek boldy diýip, DPA agentligi ýazýar.
Heläkçilik ýerli wagt bilen sagat 18:10-da boldy. Otly ýoldan aganda, birnäçe wagon gapdala ýykylypdyr, olaryň biriniň üçegine uly zeper ýetipdir.
Otly heläkçiliginiň sebäpleri heniz belli dä. Ol ýerde halas edijilerdir ýangyn söndürijiler işleýärler. Wakanyň sebäpleri derňelýär.
