Dünýäde semiz adamlaryň sany bir milliarddan agdy. Bu barada ählumumy ylmy-barlagyň netijelerinde bellenýär, olar «The Lancet» ylmy žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.
Dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda geçirilen ylmy seljermeler 1990-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli aralygy öz içine aldy. Onuň dowamynda alymlar bäş ýaşdan ýokary 220 million adamyň arasynda boýuň we agramyň ösüşini öwrendiler. Soňky ýyllarda semizligiň depgininiň ulularyň we çagalaryň arasynda güýçli artandygy belli boldy.
Ýagny 1990-njy ýyldan bäri semizlik gyzlaryň hem-de oglanjyklaryň arasynda dört esseden gowrak, ýagny degişlilikde, 1,7 göterimden 6,9 göterime we 2,1 göterimliginden 9,3 göterime çenli artdy. Tas ýurtlaryň ählisinde görkezijiler durnukly ösdi.
2022-nji ýylda 160 milliona golaý kämillik ýaşyna ýetmedikler semizlikden ejir çekdi, olar 65 million gyzjagazlar we 94 million oglanjyklardyr. 1990-njy ýylda bu görkeziji 31 milliona deňdi.
Uly ýaşly ilatyň arasynda hem bu mesele dowam edýär diýip, alymlar belleýärler. Artykmaç agramly zenanlaryň paýy 8,8 göterim bolanlygyndan 18,5 göterime, erkekler 4,8 göterim bolanlygyndan 14 göterime çenli artdy.
Alymlar artyk we pes agram boýunça görkezijileriň pes hem-de orta girdejili ýurtlarda okgunly artýandygyny belleýärler. Ol ýurtlarda görkezijiler Ýewropa döwletlerini hem goşmak bilen, hatda ösen ýurtlardaky görkezijilerden hem ýokarydyr.
