Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparynyň barşynda täze şäheriň çäginde gurluşygy batly depginde dowam edýän desgalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidini synlap, bu işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny, olaryň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny görkezýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde metjidiň gurluşygyna Türkmenistandan we daşary ýurtlardan köp sanly adamlar haýyr-sahawat serişdelerini gönükdirip, sogap işe goşant goşýarlar. Bu bolsa ýagşy dessurlaryň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadag ynsanperwer ýörelgeleri ugur edinip, metjidiň gurluşygyna goşant goşýan adamlara öz minnetdarlygyny bildirdi we olaryň ýollarynyň açyk boljakdygyny, haýyr-sahawat serişdeleriniň öwezine Beýik Biribaryň rysgal-bereket eçilýändigini belledi we asylly işleriň hormatyna täze metjitde ediljek doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
Metjitler musulman dünýäsiniň özboluşly ylym we bilim merkezleridir, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň aýdyň ýüze çykýan ýeridir. Metjidiň binasy Zeminde ýerleşse-de, senasy asmanda eşidilýändir. Ol türkmen halkynda Allanyň öýi hasaplanýar. Şoňa görä-de, metjidiň gurluşygyna öz serişdeleriňden gatanç etmek örän sogaply işe dahylly bolmakdyr. Şeýle ynsanperwer, ýagşy işleriň berekedi başga bolýar diýip, TDH ýazýar.
