Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän EXPO 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawiliony millionynjy myhmany kabul etdi. Bu barada türkmen ekspozisiýasynyň wekilleri habar berdiler.
«1 000 000 myhman – Sag bol, Ýaponiýa! Şu gün biz ajaýyp bir tapgyra ýetdik – türkmen däp-dessurlary, myhmansöýerligi we medeniýeti bilen bu ýerde 1 million myhman garşy alyndy. Bu pursat adam gatnaşyklarynyň güýjüni ýatladýar. Biz ýene-de myhmanlary garşy almaga hem-de olar bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!» — diýip, serginiň guramaçylary belleýärler.
Türkmenistanyň pawiliony türkmen “Belli” HJ – binagärlik-gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Üç gatly binanyň binagärlik konsepsiýasy Türkmenistanyň baý medeni mirasyny döwrebap tehnologiki çözgütler bilen sazlaşykly birleşdirýär.
Birinji gat – giňeldilen süýri ekranyň we multimedia usullarynyň üsti bilen Türkmenistanyň tebigatyna, taryhyna we medeniýetine wirtual syýahat etmek mümkinçiligini döredýän immersiw giňişlik bolup durýar. Audiowizual täsirleriň täze nesliniň kömegi bilen myhmanlar ýurdumyzyň gözellikleri bilen tanyşýarlar.
Ikinji gatda energetika, senagat, saglygy goraýyş, bilim, sport we ylym ugurlaryndaky pudaklaýyn üstünlikler görkezilýär. Türkmen lukmançylygynyň däplerini beýan edýän şypaly bejeriş täsirlerine eýe bolan ösümlikleriň ekspozisiýasy merkezi orny eýeleýär.
Üçünji gatda türkmen halylary, milli nagyş nusgalary, muzeý eksponatlary we amaly-haşam sungaty bilen bezelen medeni merkez hereket edýär. Bu ýerde türkmen milli tagamlary hödürlenýän restoran hem hereket edýär.
Sergi barada
EXPO 2025 sergisi 13-nji aprelden 13-nji oktýabra çenli Osaka aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda «Biziň ýaşaýşymyzyň geljekki jemgyýetini döredýäris» şygary bilen geçirilýär. Guramaçylar dünýäniň dürli künjeginden 28 milliondan gowrak myhmany kabul etmegi meýilleşdirýärler.
14-nji aprelde, EXPO-nyň resmi açylyşynyň ertesi güni Türkmenistanyň milli güni geçirildi. Şol gün pawiliona Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baryp gördi hem-de dabaraly çärä gatnaşdy we hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
