Finlýandiýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Fin meteorologik instituty ýurtda eýýäm 14 gündür, 30 gradusdan geçýän maýyl howanyň dowam edýändigini habar berdi, bu 1961-nji ýyldan bäri synlamalaryň taryhynda ilkinji gezekdir diýip, BBC teleýaýlymyna salgylanýan «Belta.by» belarus portaly habar berýär.
Adaty bolmadyk sowuk we ýagynly bahardan hem-de tomsuň başyndan bäri Laplandiýanyň demirgazygyny-da goşmak bilen, Finlýandiýanyň ähli çägini birdenkä dowamly yssy howa gurşady.
Laplandiýa oblastynyň paýtagty Rowaniýeminiň özünde we Santa-Klausyň (Aýazbabanyň) obasy ýerleşýän ilatly nokatda yssy howa eýýäm ýarym aý dowam edýär.
Laplandiýa, adatça, özüne çekiji jahankeşdelik ugry hasaplanýar, emma bu ýyl syýahatçylary adatdaky salkyn howanyň ýerine 30 graduslyk yssy geň galdyrýar.
Soňky gezek şeýle howa bu ýerde 1972-nji ýylda hasaba alnypdyr, emma ol 12-14 gün dowam edipdir. Bu gezek şol rekord täzelendi diýip, hünärmenler belleýärler.
Diňe Laplandiýada däl, eýsem, ýurduň beýleki ülkelerinde hem, mysal üçin, Ýulitornioda hem Sodankuýulda hem howa 31,7 gradus derejede gyzdy.
Oulu uniwersitetiniň professory, arktiki barlaglar kafedrasynyň müdiri Jeff Weller: «Her gün tutuş dünýäde howanyň üýtgemegi adatdan daşary yssy howa we ygallar arkaly özüni bildirýär» diýýär.
